JEMGYÝET

Kimiň beýnisi ýaş: zenanlaryňkymy, erkekleriňki?

Bu gyzykly sowala bada-bat jogap bereliň: zenanlaryňky. Özi-de, zenanlaryň beýnisi ýaşytdaş erkekleriňkä garanyňda 4 ýaş «juwan». Şonuň üçin hem zenanlaryň zehin güýji erkekleriňkiden ep-esli uzak saklanyp bilýär.

Jogap tapdyk, ýöne näme üçin zenan beýnisi erkekleriňkiden ýaş? Indi bu sowala jogap bereliň!

Biziň sowalymyza ABŞ-nyň Waşington uniwersitetiniň professory Manu Goýal şeýle jogap berýär:

«Ynsan beýnisiniň metobolizmasy erkekleriň we zenanlaryň ýaşynyň gartaşdygyça arasyndaky tapawudyň has aýdyň ýüze çykmasyna ýardam berýär. Zehin, ýatkeşlik, köplenç, süýjüligiň önümi. Ýöne ol süýjüligiň hem nähili ulanylýandygyna bagly».

Milli bilimler akademiýasynyň neşiri tarapyndan geçirilen bir synag beýnileriň arasyndaky tapawudy ýüze çykarmaga özboluşly ýardam berdi. Synaga 205 adam gatnaşdy. Olar 20 we 82 ýaş aralygyndaky 121 zenan we 84 erkekdir. Hünärmenler synaga gatnaşyjylaryň ählisiniň beýnisiniň işjeňligini PET tehnologiýasy arkaly gözden geçirdiler we her bir gatnaşyjynyň beýnisindäki şekeriň mukdaryny anykladylar.

Emeli aňyň we döwrebap tehnologiýanyň kömegi bilen geçirilen synaglar zenanlaryň beýnisiniň ýaşytdaş erkekleriňkiden 3,8 ýaş juwandygyny ýüze çykardy.

Synaglar ýene bir zady, erkekleriň beýnisiniň öz asyl ýaşyndan 2,4 ýaş uly bolýandygy hem ýüze çykardy. Ýüze çykaryldy, ýöne bularyň anyk sebäbi heniz doly kesgitlenenok.

Ýene-de okaň

Türkmen atşynaslary atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşmak üçin Özbegistana gitdiler

Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar