BIZNES

Kiçi we orta telekeçiligi goldamak barada

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Bu barada hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda telekeçilik işiniň has-da işjeňleşdirilmegi meýilleşdirildi.

“Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginde ösdürmegi dowam etdirmek, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda telekeçilik işjeňligini artdyrmak, kiçi we orta kärhanalaryň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de möçberlerini köpeltmek, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we goşmaça iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.

 

13-nji iýuldaky howa maglumaty

Related posts

“Türkmengaz” döwlet konserni polat turbalary satyn alar

Arkadag we Aşgabat şäherlerini elektrik otly birleşdirer

500 MW Türkmen Elektrik Enerjisi Afganistan’a ihraç edilecek

vepa