Kanadanyň ilçisi bilen onlaýn duşuşyk

2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara şäheri) Aşraf Hohar bilen onlaýn görnüşde duşuşygy geçirildi.

Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, taraplar Türkmenistan bilen Kanadanyň özara bähbitli dürli ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmasyny bildirdiler.

Iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň möhümligi bellenildi. Taraplar abraýly halkara guramalarynyň, hususanda BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlykda öz beýanyny tapýan, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri bilen bagly garaýyşlaryň meňzeşligini bellediler.

Şeýle hem taraplar dünýädäki koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda dörän ýagdaýy, şol sanda ony ýeňip geçmek boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Alym-lukmanlaryň halkara geňeşiniň döredilmegi bilen birlikde ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň ulanylmagy barada öňe süren başlangyçlary barada aýdyldy. Bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Diplomatlar söwda we ykdysadyýet, bilim, şeýle hem öňüni alyş hem-de suw diplomatiýasy ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretdiler, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada gürrüň etdiler. Bellemeli zatlaryň biri ol hem, ýerine ýetirilýän işleriň hatarynda bilelikdäki medeni çäreleriň meýilleşdirilmegi we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň alnyp barylýanlygydyr.

Gepleşikleriň ahyrynda Kanadanyň Türkmenistandaky Ilçisi Aşraf Hohar türkmen-kanada gatnaşyklarynyň durnukly ösmeginde öz goşandyny goşjakdygyny nygtady.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Rustam Emomali bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistanyň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň bilim ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ministrleriniň «Tegelek stolunda» çykyş etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Daşkentdäki halkara forumda çykyş etdi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan 2027-nji ýylda Bütindünýä gastronomiýa syýahatçylygy forumyny kabul eder

Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

BSGG-niň Türkmenistandaky wekili işini tamamlaýar

Türkmenistanyň bilim ministri Merkezi Aziýanyň halkara bilim forumyna gatnaşdy

Özbegistanda “Apple Pay” we “Google Pay” töleg hyzmatlary işe girizildi

“Baku Steel Company” Türkmenistanda geçirilen sergide öz önümlerini tanyşdyrdy

“Apple” kompaniýasy täze “MacBook Pro” noutbugyny tanyşdyrdy

«Fenerbahçe» baş tälimçi İsmail Kartal bilen şertnamasyny ýatyrdy

Parwiz Şahbazow: Azerbaýjan şu güne çenli Türkiýä 131 milliard kub metr gaz iberdi

Türkmenistanyň bilim ministri Ürgenç döwlet uniwersitetine bardy

Ata Watan Eserleri

Türkmen teatrynyň halkara teatr festiwalyndaky üstünligi

Görogly poemasy özbek diline terjime edildi

Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy

Türkmenistanyň medeniýet ministri Bakuda geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy

28-nji Oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri