Jemi 88 Eser Bäsleşýär: Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri” bäsleşiginde  jemi 88 eser bäsleşýär. “Atavatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň döredijilik topary tarapyndan yglan edilen “ Ata Watan Eserleri” bäsleşigine häzire çenli 88  eser hödürlendi. Bu eserleriň 40 sanysy goşgy ugruna, 48 sanysy bolsa beýleki ugurlara degişli.  Biz  bäsleşigiň şertlerini täzeden neşir edýäris we Siziň dykkatyňyza ýetirýäris. Bäsleşige  30 Noýabr 2019 senesinde sagat 15:00 çenli biziň elektron poçtamyza gelip gowşan eserler kabul edilýär. Şol sebäpli bäsleşige eser hödürlemäge howlugyň!

“Ata Watan Eserleri” Bäsleşiginiň Umumy Şertleri

  • “Atavatan Turkmenistan” halkara Žurnaly döredijilik bilen gyzyklanýanlar üçin ýaryş yglan edýär.
  • Siz  ýaryşa islendik ugurda edebi makala, goşgy, hekaýa, oýlanma hödürläp bilerlersiňiz.
  • Siziň ýazan makalalaryňyz www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynda goýular we iň köp okalan eserler ýeňiji bolar.
  • Ýaryş türkmen dilinde alnyp barylar we ýaryşa hemmeler gatnaşyp bilerler.
  • Döredijilik işleri üstümizdäki ýylyň 21-nji oktýabr we 30-nji noýabr aralygynda kabul ediler.
  • Ýeňijiler dekabr aýynyň  20-de  15:00 a çenli eseriň okalan sanyna göra  kesgitlener.
  • Islän mowzuklaryňyzda döreden işleriňizi  atawataneserleri@gmail.com salga ugradyp bilersiňiz.
  • Eseriňizi iberen wagtyňyz doly at we familýaňyzy, telefon belgiňizi we salgyňyzy ýazmagy unutmaň!
  • Iberen eseriňize degişli bolan suratlary hem ibermegiňizi haýyş edýäris! Eser boýunça jogapkärçilik awtora degişlidir.
  • Ähli ýaryşa hödürlenen Eserleri https://www.atavatan-turkmenistan.com/news.php?cat_id=Ng== Linkinden ýa-da saýtymyzyň Habarlar bölüminiň “Ata Watan Eserleri” atly kiçi bölüminden hem okap bilersiňiz.
  • Ýaryşyň Ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
  • Ähli  ugurlar boýunça iň köp okalan esere-baş baýragyň eýesine 1 sany RedMi 7A telefon sowgat garaşýar!
  • Şeýle hem eserler iki ugur boýunça, ýagny Goşgy we Hekaýa, Makala, Oýlanma ugurlar boýunça jemlener.
  • Her ugur boýunça ilkinji 3 orny eýelän ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar garaşýar.
  • Her ugur boýunça ilkinji 3 orny eýelän ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar garaşýar. Emma, baş baýragy mysal üçin Goşgy ugrundan eser alsa, onda, iň köp okalan 2-nji, 3-nji we 4-nji eserlere, degişlilikde, 1-nji, 2-nji we 3-nji baýrakalar beriler.
  • Bäsleşigiň netijesi boýunça her ugur boýunça iň köp okalan 10 eser höweslendiriji baýraklar we hormat hatlary bilen sylaglanar.
  • Her bir awtor bir we ondan köp möçberde eseri ýaryşa hödürläp biler, emma bir eser 500 sözden köp bolmaly däldir.
  • Ýeňijiler her bir eseriň internet saýtymyzdan okalan sany boýunça kesgitlener.
  • “Awtorlaryň Saýlan Eseri” baýragynda bolsa, ýeňiji beýleki awtorlar tarapyndan saýlanar.

Awtorlaryň saýlan eseri

Bäsleşige bolan uly gyzyklanmany hasaba alyp, bäsleşigiň guramaçylyk topary, onuň şertlerine täze düzgün girizdi we Täze ýörite baýragy, “Awtorlaryň saýlan eseri” baýragyny getirdi. Emma bu baýragyň herekete girmegi üçin bäsleşige eser hödürlän awtorlaryň azyndan 40 göteriminiň sesiniň bellenen senä çenli bize gelip gowuşmagy hökmanydyr.

 

“Awtorlaryň Saýlan Eseri” baýragynyň şertleri

  • Diňe bäsleşige eser hödürlän Awtor, öz eserinden daşary beýleki bir eseri saýlap bilýär. Ýagny, awtor diňe bir eser saýlap bilýär. Ol bolsa, awtorlaryň öz eseri bolman, bäsleşige hödürlenen beýleki bir eserlerden bolmaly. Eger birden köp eser saýlanan bolsa, onda, bu awtoryň saýlan eserleri (eseri) hasaba alynmaýar. Awtor saýlanylmaýar, eser saýlanylýar.
  • Bäsleşik üçin azyndan bäsleşige eser hödürlän awtorlaryň 40 göteriminiň sesi gelip gowuşmalydyr. Mysal üçin diňe 10 awtordan ses gelse, onda, köp ýagdaýda bu awtorlaryň bir-birini tanap bilýänligi ýaly sebäpler bolup biljegi üçin şeýle şert hökmanydyr. Şol sebäpli mysal üçin 100 awtor eser hňdürlese, azyndan 40 awtoryň sesini ibermegi garaşylýar.
  • Awtor 30 Noýabr 2019 senesinden, ýagny, bäsleşine eser kabul edilýän möhlet dolandan soňra, bäsleşige hödürlenen we www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda neşir edilen ähli eserlerden birini-iň halan eserini  saýlaýar. Bu ýerde ses berýän awtor, saýlan eserini, şol eseriň  awtorynyň adyny, şeýle hem şol eseriň saýtymyzda haçan neşir edilendigini bir kagyza ýazyp, bukja goýup, biziň salgymyza Türkmen poçtanyň üsti bilen, ýagny, hat üsti bilen ibermeli. Şol hat bukjasynda, haty iberen awtoryň ady, familiýasy, biziň saýtymyzda bäsleşige hödürlenen öz eseriniň ady we neşir edilen senesi hem ýazylmalydyr.
  • Hatlar : Atawatan Türkmenistan Žurnaly, Aşgabat şäheri, Ankara köçesi 25, A Blok, 403, salgysyna iberilmelidir. Elektron poçta ýa-da beýleki ulgamlar bilen iberilen hatlar – sesler hasaba alynmaýar.
  • Hatlar 19 Dekabr 2019 senesine çenli biziň salgymyza gelip gowuşan bolmaly. Bäsleşik jemlenenden soňra, gelip gowuşan hatlar-sesler hasaba alynmaýar.
  • Awtorlaryň iberen talabalaýyk sesleriň ählisi hasaba alynýar we awtorlaryň beýleki awtorlaryň eserlerine beren sesleriniň arasyndan iň köp sesi alan eser ýeňiji kabul edilýär.
  •  Ýeňijä “Awtorlaryň Saýlan Eseri” ýörite  baýragy gowşurylýar.
  • Baýrak diňe birinji orna-bir orna gowşurulýar.
  • Biz awtorlaryň beýleki awtorlaryň eserlerine adalatly baha berjekdigine ynanýarys we iň gowy eseriň ýeňiji boljakdygyna ynamymyz uly.
  • Ses awtora berilmeýär, awtoryň eserine berilýär, şol sebäpli, bir awtoryň birnäçe eseri ýaryşa hödürlenen bolsa hem diňe bir eserini saýlamaly.

Mahabat

 

Makul Hyzmat  Terjime Merkezi

Aşgabat Ofis

+993 63 78 96 73

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com

Telefon  : + 993 12 96 48 55

Türkmenabat Ofis

Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,

+993 63 16 34 69

 

Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

IMO Atavatan : +90 532 401 71 52

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52

Telefon : +90 212 633 40 00 (Türkiye)

Sosyal Medya Hesaplarımız:

Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :

https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

Resmi  Facebook Hesabımız için  :

https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/

Resmi Instagram Hesabımız için :

https://www.instagram.com/atavatanturkmenistan/

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

Greýs Wan BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellendi

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi