JEMGYÝET

Jemgyýetçilik ulaglarynyň Täze ýyl baýramy günlerindäki iş tertibi

Ilata ýokary hilli ulag hyzmatyny üpjün etmek maksady bilen, Täze ýylyň öňüsyrasynda şäher ugurlary boýunça awtobuslaryň hereketi şu tertip boýunça amala aşyrylar: awtobuslar 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda sagat 6:00-dan 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda sagat 2:00-a çenli işlär. Şeýle hem paýtagtymyzda taksileriň işi gije-gündiz düzgüninde guralar.

Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi habar berýär.

Awtobus gatnawlary Aşgabat, Arkadag, Balkanabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerinde doly derejede üpjün ediler. Goşmaça awtobuslar Aşgabat — Gökdepe, Aşgabat — Änew we Gökdepe — Arkadag ugurlary boýunça hereket eder.

Bu çäreler baýramçylyk günlerinde ilat tarapyndan ulag hyzmatlaryna artýan islegleri kanagatlandyrmaga, şeýle hem gatnawlaryň hilini we amatlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi