SPORT

Ispaniýanyň ýygyndysyna täze tälimçi bellendi

Ispaniýanyň milli ýygyndysy Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda şowsuzlyga uçrady. Ispan ýygyndysy 1/8 finalda garaşylmadyk ýagdaýda Marokkonyň ýygyndysyndan ýeňildi.

Bu şowsuzlygyň netijesinde, ispan ýygyndysynyň tälimçisi Luis Enrike wezipesinden boşadyldy. Enrika milli ýygyndynyň tälimçisi wezipesine 2019-njy ýylda bellenipdi. Onuň tälimçiliginde ispan ýygyndysy Ýewropanyň futbol çempionatynda bürünç medalyň eýesi boldy. Milletler ligasynda finala çykmagy başardy.

Ispaniýanyň ýygyndysynyň täze tälimçisi wezipesine Luis de la Fuente bellendi. 61 ýaşyndaky tälimçi ozal Ispaniýanyň “Sewilýa” we “Atletiko Bilbao” toparlaryna tälim beripdi.

Luis de la Fuente 19 ýaşdan uly bolan Ispaniýanyň ýygyndysy bilen Ýewropada ýeňiji bolupdy.

Related posts

Dünýä çempionatynda meşhur bolan Wozinýa Çilide oýnar

Ata Watan Eserleri

Olimpiýa oýunlarynda 500 görnüş tagam hödürlener

Messiniň Çempionlar ligasyndaky üstünligi

Leave a Comment