TEHNOLOGIÝA

“iPhone 12”-iň satuw senesi yglan edildi

“Apple” kompaniýasynyň iň bir garaşylýan naýbaşy modelleriniň biri bolan “iPhone 12” akylly telefonlarynyň satuwa çykaryljak senesi yglan edildi. Bu akylly telefonlaryň öň satuwa çykarylmaly senesi koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürildi. “Apple” kompaniýasy “iPhone 12” akylly telefonyndan öň täze “iPad” we “Apple Watch” -i hödürlemegine garaşylýar. Apple kompaniýasy täze modelini 13-nji oktýabrda satuwa çykarjakdygyny habar berdi. “iPhone 12” dört görnüşi bilen satuwa çykarylar. Ýagny, “iPhone 12 mini”, “iPhone 12”, “iPhone 12 Pro” we “iPhone 12 Pro Max” akylly telefonlary müşderilere gowşar. Eýsem-de täze akylly modeliň bahasy näçekä. Belki-de bu sorag hemmeleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. “Forbes.com” saýty akylly telefonlaryň bahasyny aşakdaky ýaly habar berýär.

  • iPhone 12 mini (5.4-dýuým) – 64GB ($649), 128GB ($699), 256GB ($799)
  • iPhone 12 (6.1- dýuým) – 64GB ($749), 128GB ($799), 256GB ($899)
  • iPhone 12 Pro (6.1- dýuým) – 128GB ($999), 256GB ($1099), 512GB ($1299)
  • iPhone 12 Pro Max (6.7- dýuým) – 128GB ($1099), 256GB ($1199), 512GB ($1399)

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi