JEMGYÝET

Internetiň täze ýyldyzy ― ýedi aýakly pişik

Haýwanat dünýäsindäki täsinlikleriň yzy üzülerli däl. Olaryň Internet älemindäki meşhurlygy hem gitdigiçe artmak bilen. Ynha, ýakynda ýedi aýakly pişik hem täsinlik hökmünde Internetiň ýyldyzyna öwrüldi.

Bu aýratynlyga ylmy dilde «Polidaktiliýa» diýilýär. Aýaklarynyň kän bolmagy pişigiň ömrüne zyýan ýetirmeýär. Şeýle-de bolsa, jemgyýetçilikde artykmaç beden agzalary bolan jandarlaryň ýaşamagy oňlanylmaýar.

Internet äleminde meşhur bolan pişikler ozal hem bardy. Mysal üçin, gaşlaryny daraýan Sem atly meşhur pişige Internet sahypalarynda siziň hem gabat geläýen bolmagyňyz ahmal. Dört gulakly Ýoda atly pişigiň hem meşhurlygy Semiňkiden az däl. Olaryň hataryna indi ýedi aýakly pişik hem goşular.

Aslynda, adaty bolmadyk pişikler GDA ýurtlarynda-da duş gelýär. Mysal üçin, Woronežde alty gulakly Luntýa, Minskde bolsa ýarym gyzyl we gara reňkli  pişik Ýana atly pişikler bar.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady