SPORT

Iň köp girdeji gazanan türgen

“Sportico” žurnaly 2023-nji ýylyň netijelerine görä iň köp girdeji gazanan 100 türgeniň sanawyny düzdi. Žurnalyň habaryna görä, birinji ýeri Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň portugaliýaly ýarymgoragçysy Kristiano Ronaldo eýeledi.

2023-nji ýylda futbolçy 275 million dollar (hemaýatkärlerden 60 million dollar) gazandy. Futbolçy 2023-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda klub bilen şertnama baglaşdy; şertnamanyň çäginde ýylda 200 million ýewro alýar.

Iň köp gazanan 10 türgen:

Kristiano Ronaldo (futbol) – 275 million dollar
Jon Rahm (golf) – 203 million dollar
Lionel Messi (futbol) – 130 million dollar
LeBron Jeýms (basketbol) – 125,7 million dollar
Kilian Mbappe (futbol) – 125 million dollar
Neýmar (futbol) – 121 million dollar
Stiwen Karri (basketbol) – 98,9 million dollar
Ýannis Adetokumbo (basketbol) – 88,4 million dollar
Kewin Durant (basketbol) – 86,9 million dollar
Patrik Mahomes (Amerikan futboly) – 84,3 million dollar.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy