JEMGYÝET

Ilkinji halkara bagt muzeýi açyldy

Daniýanyň paýtagty Kopengagen şäherinde halkara bagt muzeýi açyldy. Ýurduň metbugat gulluklarynyň habar bermegine görä, 240 inedördül metr meýdany eýeleýän muzeýde dünýäniň dürli künjeklerinden adamlaryň iň bagtly pursatlaryny öz içine alýan köp sanly interaktiw çäreleri gurnamak hem-de “bagtyň artefaktlary” diýlip atlandyrylýan meýilnamalar meýilleşdirýär.

Mundan başga-da, muzeýde bagtyň intellektual taraplary görkeziler. Şeýle hem täze muzeý halkara bagt taryhyny hödürlär, “bagt” düşünjesi boýunça ylmy-seljermeler geçiriler, myhmanlar ýylgyryş anatomiýasy barada gözleg maglumatlary bilen tanşyp bilerler.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi

Burak Özçiwit Türkmenistana gelýär

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary