DÜNÝÄ

Hytaý-Merkezi Aziýa: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyly

2022-nji ýyla gadam basylmagy bilen Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň halklary Täze ýyl baýramçylygy bilen bir hatarda ýene-de bir möhüm senäni – Hytaý Halk Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllyk şanly senesini hem garşylarlar. Bu barada HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I belläp geçdi.

Bu barada beýanat beren Hytaýyň ministri Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň gatnaşyklarynyň taryhynda ýetilen bu möhüm sepgidiň dabaraly bellenmeginiň uly hormat boljakdygyny belledi.

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň öz gözbaşyny taryhynyň irki döwürlerinden alyp gaýdýandygyny belleýän Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Beýik Ýüpek ýolunyň Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň halklaryny birleşdirýän esasy halka bolandygyny mälim etdi.

– Takyk, 30 ýyl mundan ozal, Hytaý garaşsyzlygyny yglan eden Merkezi Aziýa döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýan ilkinji ýurtlaryň biridir. Şeýlelikde, dostlukly gatnaşyklaryňö taryhynda täze sahypa açyldy. Geçen 30 ýylyň dowamynda hyzmatdaşlarymyz Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara gatnaşyklarda ägirt uly ýol geçdik we täze taryhy sepgide ýetdik. HHR-niň Başlygy hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň strategik baştutanlygynda soňky ýyllarda özara ynamyň ýokary derejesine eýe bolan täze döwür başlandy.

Gysga döwürde Hytaý bilen Mekrezi Aziýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy ýüz million dollardan onlarça milliard dollara ýetdi. Hytaýyň Merkezi Aziýa gönükdiren maýa goýumlarynyň möçberi noldan diýen ýaly, 40 milliard dollara barabar boldy. Hytaý Mekrezi Aziýanyň iri söwda we maýa goýum hyzmatdaşyna öwrüldi. birnäçe strategik ähmiýetli iri taslamalar amala aşyryldy. Olaryň arasynda Hytaý-Mekrezi Aziýa gaz geçirisiji, Hytaý-Gazagystan nebit geçirijisi, Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan awtomobil ýoly, Hytaý-Täjigistan awtomobil ýoly bar. Bu iri taslamalar biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky durmuş-ykdysady ösüşlere täze itergi berdi. Ýüpek ýolunyň Ykdysady guşagyny döretmek baradaky başlangyç Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykarmaga mümkinçilik berdi.

Şeýlelik bilen, oba hojalygy, suw dolandyryşy, elektrik energiýasy, dokma, maşyn gurluşygy we önümçilik pudagynda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi başlandy, bu ösüş döwründe möhüm meseleleri aradan aýyrmaga, senagatlaşma we döwrebaplaşdyryş işini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Sebitdäki ýurtlar we köp sanly ilatyň durmuşy üçin hakykatdanam görnükli peýdalar getirdi. “Bir guşak we bir ýol başlangyjy” bilen bilelikde durmuşa geçirip, dünýä jemgyýetçiliginde iň gowy görelde alýan alty ýurtdyrys – diýip, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I belläp geçdi.

 

Futbolçy transferlerine iň köp pul sarp eden topar

Ýene-de okaň

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan – Katar migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Rumyniýa Türkmenistanyň “akylly” şäher konsepsiýasyna gyzyklanma bildirýär

Ýens Stoltenberg maliýe ministri boldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Tähranda geçirilen YHG-niň mejlisine gatnaşdy