BIZNES

Hytaý kompaniýasy Owganystanda nebit öndürer

Owganystan Amyderýanynyň basseýninde nebit öndürmek üçin CAPEIC hytaý kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Bu şertnama Owganystanda häkimiýetiň çalyşmagy bilen daşary ýurtly maýadarlar bilen gol çekilen ilkinji iri geleşikdir.

“Euronews” teleýaýlymynyň berýän maglumatyna görä, Hytaýyň firmasy Sari-Pul, Jauzjan we Farýab welaýatlarynyň çäklerinde 4500 inedördül kilometrlik meýdanda nebit çykarmak işini alyp barar.

Şertnama laýyklykda, hytaý kompaniýasy birinji ýylda 150 million dollar maýa goýar, 3 ýyldaky maýa goýum möçberi 540 million dollara barabar bolar.

Gol çekmek dabarasynda Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň agzalary we Hytaýyň Kabuldaky ilçisi Wan Ýu gatnaşdy.

3 welaýatyň etraplaryndaky nebitiň möçberi 87 million barrele deňdir. Gözleg işleriniň geriminiň artmagy bilen günlük nebit önümçiligi 200-den 1000 tonna çenli artdyrylar. Taslama 3000 iş ornunyň döremegine ýardam berer.

Şertnama 25 ýyl üçin gol çekildi. Owganystan ilkibaşda taslamadan 20 göterim paý bolar, soňra bu görkeziji 75 göterime çenli artdyrylar.

Owganystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Abdul Gani Baradar hytaý kompaniýasynyň halkara kadalara laýyklykda iş alyp barmalydygyny belläp, döwlet edaralarynyň oňa goldaw berjekdigini belledi.

Hytaýyň ilçisi Wan Ýu bolsa, bu şertnamanyň Owganystanyň ykdysady ösüşine öz goşandyny goşjakdygyny mälim edip, ýurda goşmaça maýa goýumlarynyň çekmegine ýardam etjekdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär

Türkmenistan Hytaýdan 439 million dollarlyk nebitgaz enjamlaryny satyn alýar

Hytaý kompaniýalary Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge gyzyklanýar

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy köptaraply ösüşiň täze derejesine çykýar

Türkmen işewürleri Londonda iş saparynda bolarlar

Ministr: häzirki ýagdaýlar-täze energiýa ugurlaryny kemala getirmek üçin pursatdyr