BIZNES

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi

2025-nji ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçip, täze taryhy iň ýokary derejä ýetdi. Bu ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň güýçli depginini görkezýär diýip, 19-njy ýanwarda Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Go Szýakun mälim etdi.

Ol Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň statistikasyna salgylanyp, bu görkezijiniň «Hytaý — Merkezi Aziýa» formatynyň ugrukdyryjy we höweslendiriji ornuny hem tassyklaýandygyny nobatdaky resmi metbugat maslahatynda aýtdy.

Go Szýakunyň bellemegine görä, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi gowşak galýan, halkara söwda ulgamy bolsa çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan şertlerde Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk öňe tarap ösmegini dowam etdirýär we ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy täze rekord derejä ýetdi. Bu ýagdaý Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçli depginini görkezdi, «Hytaý — Merkezi Aziýa» formatynyň ugrukdyryjy we höweslendiriji ornuny tassyklady hem-de iki sebit arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyry alamatlandyrdy.

Ol soňky ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklarynyň çalt ösýändigini, «Hytaý — Merkezi Aziýa» formatynyň barha kämilleşýändigini,  halklaryň arasyndaky dostlukly alyş-çalyşlaryň bolsa has-da berkeýändigini belledi.

«Hususan-da, “Hytaý — Merkezi Aziýa” ikinji sammitiniň üstünlikli geçirilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary hilli ösüşiň täze tapgyryna geçendigini alamatlandyrdy», — diýip, ol belläp geçdi.

Ýene-de okaň

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler