JEMGYÝET

Hazynamyzy Tygşytly Sarp Edeliň!

Wagt adamzat durmuşynda iň ähmiýetli, iň wajyp, gymmatlyklardan biridir. Bisarpa tutulan ýa-da bolmasa ýitirilen wagt öwezini dolup bolmajak uly baýlykdyr. Gadymy akyldarlaryň ýitirilen wagty ýitirilen hazyna deňemekleri-de ýöne ýere däldir.

Ylmy tehnologiki ösüşler adama wagty tygşytlamaga, wagtdan ýerlikli peýdalanmaga, öndürilmegi üçin birnäçe sagat zerur bolan önümi ujypsyz wagtda has dogrusy sanlyja sagatlarda minutlarda öndürmäge mümkinçilik döretdi. Netijede häzirki döwürde ylmy-tehnologiki ilerlemäniň hasabyna döwrebap kämil tehnikalardyr innowasion tehnologiýalardaky irginsiz ösüşler adamlaryň wagtyň gymmatlylygyna bolan garaýşynyň üýtgemegine getirdi.

Dünýäde iň çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň biri-de aragatnaşyk ulgamydyr. Adamlaryň barha ösýän isleg we zerurlyklaryny talabalaýyk kanagatlandyrmak maksady bilen bu pudakda her gün diýen ýaly täzeçe usulyýetler (tehnologiýalar) oýlanyp tapylyp olaryň önümçiligi ýola goýulýar. Olaryň biziň durmuşymyza giňden ornaşmagy gyzyldan gymmatly wagtymyzy tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Wideoaragatnaşygy, internet söwdasy, gerekli nokady anyklamak (GPRS), elektron resminamalar çalşygy (elektron gol we elektron möhür) ýaly internet amallarynyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda giňden ulanylmagy biziň durmuşymyzy belli bir derejede ýeňilleşdirip, wagtymyzy ýerlikli peýdalanmaga ýardam edýär. Internet torunyň, intranetiň, modemleriň kömegi bilen ähli ýerde ylmy-statistiki maglumatlaryň ujypsyz wagtyň dowamynda   alyş-çalyşygy mümkinçiliginiň döremegine getirip öňki döwürlere nazar aýlanyňda wagtyň has hem tygşytly ulanylmagyny üpjün edýär.

Ömrümizde gyzykly hem-de manyly döwran sürmegimiz üçin hem-de çäkli bolan wagtymyzdan garaşylýan oňyn netijeleri almagymyz üçin hökmany ýagdaýda wagtymyzyň sarp edilişine gözegçilik etmegimiz zerurdyr.

Belli bir işi ýerine ýetirmek üçin talabalaýyk maksady bolmaýan her bir wagt, netijesiz we miwesiz tamamlanar we iň aýylganjy-da wagt zaýaçylygyny (isripini) ýüze çykarar. Şonuň üçin-de wagty netijeli peýdalanmak üçin ilki bilen bellenen, kesgitli, belli bir wagtyň dowamynda edilmeli iş, ýetilmeli sepgit kesgitlenmelidir we öňde goýlan maksat anyk hem-de takyk bolmalydyr. Maksada gönükdirilen meýilnamanyň düzülmegi, ýollaryň we usullaryň iň amatlysynyň saýlanyp alynmagy, işiň başlanjak we tamamlanjak pursatlarynyň takyk kesgitlenmegi wagtyň netijeli we tygşytly ulanylmagynda gaýragoýulmasyz meseleleriň biri bolup durýar. Wagty tygşytly we öndüriji ulanmak bir gezeklik meýilnamalaşdymakdan ybarat bolman, eýsem, adam ömrüniň dowamynda hökman bolmalydyr we birnäçe gezek gaýtalanmalydyr, täzelenmelidir.

Wagt- gymmatly bir hazynadyr, ony ne bankda saklap bileris, ne gorap bileris we ne-de birine kireýine berip girdeji gazanyp bileris. Wagtymyzyň bisarpa ulanylmagynyň ömrümiziň bisarpa geçmegi bilen deňeşdirilmegi ýöne ýere däl.

Aslyýetinde biziň wagty dolandyrmagymyzyň deregine özümiz wagt tarapyndan dolandyrylyp bileris. Sebäbi wagty ölçeýiji abzal bolan sagadyň sekund, minut, sagat dilleriniň üznüksiz hereketleri biziň elimizde däldir. Diýmek esasy mesele sagady dolandyrmak däl-de, eýsem, her bir geçýän wagtdan önjeýli peýdalanmak bolup durýar.

Döwürdeşlerimiziň köpüsi wagty bisarpa ulanyp, onuň geçişini gözden salýarlar. Netijede olaryň ýerine ýetirilmeli işleri birigip uly bir meselä öwrülýär-de şahsy durmuşlaryna-da öz täsirini ýetirýär. Meselem, işden soňky maşgala-perzent durmuşlarynda, goňşuçylyk-garyndaşlyk gatnaşyklarynda, dynç alyş günlerinde-de bitmän, ýarym bolup galan işlerini ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Bu ýagdaý adamlaryň beden we ruhy taýdan dynç alma, hünär-bilim derejelerini ýokarlandyrma we jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky ornuny has hem gözgyny ýagdaýa salýar.

Durmuşdaky zerur hajatlarymyzy kanagatlandyrmak üçin maksatly hereket edýändigimiziň hatyrasyna çäkli hem-de gyzyldan gymmatly bolan her bir wagtymyzy boş geçirmän, “Gelejek şu günden başlanýar” diýip jaýdar nygtap geçen dana pederlerimiziň aýdyşlary ýaly deňimizden geçirýän her bir pursadymyzy mukaddes ata Watanymyzyň ösüşlerine, ykdysady kuwwatyna we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyna öndürijilikli goşant goşmak üçin sarp edeliň!

Baýramdurdyýew Ýedibaý Orazdurdyýewiç

 

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär