DÜNÝÄ

Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleri Moskwada duşuşar

Şu ýylyň 5-nji dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň başlyklyk etmeginde Hazarýaka döwletleriniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa metbugat brifinginde habar berdi.

Duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu duşuşyk 2022-nji ýylyň iýunynda Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 6-njy sammitinde gazanylanan ylalaşyga laýyklykda, täze yzygiderli ministrler dialogynyň mandaty işe girizilýär.

Duşuşygyň barşynda Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň bu duşuşygyň çäklerinde özüniň kärdeşleri bilen ikiçäk duşuşyklary hem göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar