BILIM

Harby-deňiz institutyna kabul edişlik

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna okuwa çagyrýarys!

  1. 2022-2023-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty okamaga isleg bildiren orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edýändigini habar berýär.
  2. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.
  3. Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden orta mekdebiň okuw maksatnamasynyň çäklerinde, döwlet dilinde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertler kabul edilýär.
  4. Dalaşgärler ýazgyda duran ýerleri boýunça etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilleriniňadyna 2022-nji ýylyň1-nji maýyna çenli arza tabşyrmaly. Dalaşgärleriň resminamalary ýerli etrap we şäher harby wekilliklerinde kabul edilýär.
  5. Dalaşgärler okuwa girmegiň tertibi boýunça giňişleýin maglumat almak üçin etraplaryň, etrap hukukly şäherleriňharby wekilliklerine ýüz tutup bilerler.

Kabul ediş topary.

 

Harby instituta okuwa kabul etmegiň tertibi: 2022

Ýene-de okaň

Türkmenistanda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi

Büzmeýin etrabynda täze mekdep, çagalary bagy we saglyk öýi gurlar

Türkmenistanda galla oragyna girişiler

Kaliforniýada Türkmen mekdep okuwçylary Ata Watanymyzy tanyşdyrdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň wekiliýeti “OpenAI” kompaniýasy bilen emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar