BIZNES

Halkara Yslam Korporasiýasyndan maýa goýumlar çekiler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow gözegçilik edýän edaralarynyň alyp barýan işleri hem-de ykdysady, maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçilýär.

Hasabatyň çäklerinde geljegi uly taslamalary maliýeleşdirmek üçin maýa goýum syýasatynyň wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy. Şonuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyza Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasyndan (ITFC) karz çekmäge we Çarçuwaly ylalaşygy baglaşmaga rugsat almak barada haýyş bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, abraýly maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Milli Liderimiz Yslam ösüş bankynyň hem-de onuň toparyna girýän düzümleriň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Yslam ösüş bankynyň iri halkara taslamasynyň — Demirgazyk — Günorta ulag-kommunikasiýa ulgamyny gurmak baradaky taslamanyň hem-de ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, şol sanda telemehanika we aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek, Aşgabat — Garagum — Daşoguz demir ýolunyň energiýa üpjünçiligi ýaly taslamalaryň maýadarlarynyň biridigini kanagatlanma bilen belledi. Yslam ösüş banky we onuň düzümleýin edaralary bilen gol çekilen karz ylalaşyklarynyň toplumy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalar üçin Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasyndan karz çekmek we Çarçuwaly ylalaşygy baglaşmak barada hödürlenen teklibi makullap, bu ädimiň maýa goýum syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň mysaly bolmak bilen, milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.

 

“CNPC” kompaniýasyna ýer bölegi kärendesine berler

 

Ýene-de okaň

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär