BILIM

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine halkara derejeli güwänamalar we baýraklar gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu waka milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalarynyň hil babatda ýokary görkezijilere eýedigini tassyklaýan halkara derejeli güwänamalar we baýraklar gowşuryldy.

Ilki bilen, Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji şu dabarada çykyş etmeginiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Ilýas Demirji türki döwletlerde özboluşly binagärlik bilim edarasy hökmünde we uniwersitet-senagat hyzmatdaşlygyny ösdürýän hem-de telekeçilik we innowasiýalar ulgamyna mynasyp goşant goşýan görnükli, nusgalyk ýokary okuw mekdebi hökmünde uniwersitete ýörite baýraklary gowşurdy.

Soňra sertifikatlaşdyrmak boýunça “CERT International” guramasynyň direktory Riad Ibragimow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň okuw işlerini dolandyrmak çygrynda hil menejmentiniň ulgamlarynyň ISO 9001:2015 halkara standartynyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurdy.

“Saybolt” kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili D.Aganyýazow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň barlaghana otaglarynyň ýerli we halkara standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýan barlag güwänamasyny gowşurdy.

Soňra “Özlem Aydinlatma Sa. A.Ş.” kompaniýasynyň wekili Ahmet Kahraman Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini belledi hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde gurnalan POLIGHT yşyklandyryjy enjamlarynyň we şäher mebelleriniň ISO 9001:2015, ISO 14001:2015 we ISO 45001:2018 halkara standartlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanandygyny hem-de bu enjamlaryň ýokary hilini we bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy.

Şeýlelikde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine gowşurylan degişli şahadatnamalar we güwänamalar bu ýokary okuw mekdebiniň hil we enjamlaşdyrylyş, tehnologiýalar babatda ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýändigini alamatlandyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary okuw mekdebini mynasyp bolan halkara baýraklary bilen tüýs ýürekden gutlap, munuň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar