JEMGYÝET

Halkara gatnaşyklary institutynda “Diplomatik protokol” atly ýöriteleşdirilen okuw merkezini açylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Şol mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen birnäçe resminamalara gol çekdi.

Halkara gatnaşyklarynda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek we dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Diplomatik protokol” atly ýöriteleşdirilen okuw merkezini açmak bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Related posts

Türkmenistan ile Özbekistan işbirliğini güçlendiriyor

vepa

Türkmenistanda welaýatara awtobus gatnawlarynda täze möhlet

Ata Watan Eserleri

 “CIET 2025”: Arkadag şäheri halkara derejesinde ýokary baha aldy