JEMGYÝET

Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gruzin garyşyk toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gruzin garyşyk toparyň nobatdaky mejlisi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň edara binasynda boldy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Oňa «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy Guwançmyrat Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky we Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň Gury ýer ulaglary agentliginiň başlygy Lewan Gamkrelidzeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda, iki döwletiň arasynda awtoulag gatnawlarynyň häzirki ýagdaýlaryna seredildi we geljekde halkara awtoulag gatnawlaryny has-da artdyrmak hem-de ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gruziýanyň bu mejlise gatnaşmak üçin gelen wekiliýeti 29—31-nji awgust aralygynda Türkmenistanda iş saparynda bolýar.

Related posts

Awtoulagsyz günüň ekologiýa goşandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy