BIZNES

Gyrgyz Respublikasy Türkmenistandan pomidor satyn alýar

2022-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna iberilen pomidorlaryň möçberi 6,6 million dollara deňdir. Degişli hasabat döwründe eksportuň möçberi 1,8 esse artyp, 6,4 müň tonnadan 11,4 müň tonna ýetdi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň metbugat neşirleri habar berýär.

Habarlarda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistan Gyrgyz Respublikasyna köp mukdarda pomidor eksport edýän ýurtlaryň biridir. Bu ugurda ikinji orun Özbegistan Respublikasyna degişlidir.

2022-nji ýylyň ýanwar-maý aralygynda Türkmenistandan Gyrgyzystan iberilen eskport harytlarynyň möçberi 41,1 million dollara deň boldy. Gyrgyz Respublikasy Türkmenistandan diňe bir pomidor satyn almak bilen çäklenmän, eýsem şokolad, konditer önümlerini, kelem, mineral dökünler we nebit önümlerini satyn alýar.

Şu ýylyň iýulynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan ösdürmäge uly ähmiýet berýändiklerini belläp geçipdi.

Related posts

Türk kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryna gatnaşmakçy

Ata Watan Eserleri

Türk ve Japon şirketleri Lebap eyaletinde elektrik santralı inşa edecek

vepa

Türkmenistan bilen Eýran ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär