DÜNÝÄ

Gruziýada Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçiriler

Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar yzygiderli syýasy gepleşiklere, ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, energiýa, ulag çygrynda özara ýakyn gatnaşyklaryna, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlaryna esaslanýan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ýagdaýda ösýändigini bellediler.
Şol bir wagtyň özünde, duşuşyga gatnaşyjylar ýola goýlan parlamentara gatnaşyklarynyň ösüş häsiýetini we iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda alnyp barylýan gepleşikleriň ähmiýetini aýratyn bellediler.
Ilçi şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejesinde dabaraly ýagdaýda bellenilmegi, Türkmenistanda 2024-nji ýyly “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygarynyň esasy sebäbine öwrülendigini belläp geçdi.
Taraplar beýik ýazyjynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar we munuň özi ynsanperwer gepleşikleriň, dostlukly gatnaşyklaryň hem-de ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky özara düşünişmeginiň has hem berkejekdigini bellediler.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we telekommunikasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Hytaý bilen ýokary tehnologiýalar pudagyny ösdürmäge taýýardyr

Ilçi: Azerbaýjan bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar