TEHNOLOGIÝA

“Google” tagtyny “TikTok”-a berdi

Häzirki wagta çenli dünýäniň iň meşhur ineternet sahypalaryndan biri bolan “Google” kompaniýasy bu ugurdaky tagtyny “TikTok” jemgyýetçilik toruna berdi. 2021-nji ýyl boýunça “TikTok” jemgyýetçilik tory iň meşhur web sahypalaryň biri boldy.

Internetiň täze çempiony bar. Bulut hyzmatlary kompaniýasy “Cloudflare” şereketiniň habaryna görä, “TikTok” 2021-nji ýylda dünýäde iň meşhur web sahypasy boldy.

Jemgyýetçilik tory “TikTok” ilkinji gezek “Google” kompaniýasyndan öňe saýlandy. Bu barada “Cloudflare” kompaniýasynyň ýyllyk reýtinginde bellenilip geçilýär.

Mälim bolşy ýaly, jemgyýetçilik tory “TikTok” 2020-nji ýylda “Google”, “Facebook”, “Microsoft”, “Apple”, “Netflix” we “Amazon” ýaly tehnologiýa ägirtlerinden soňra 7-nji orny eýeledi.

“TikTok” jemgyýetçilik tory koronawirus ýokanjy döwründe has meşhurlyga eýe boldy. “ByteDance” hytaý kompaniýasyna degişli bolan “TikTok” jemgyýetçilik tory pandemiýa döwründe ýaşlaryň iň köp ulanýan internet serişdeleriniň birine öwrüldi.

“TikTok” jemgyýetçilik torunyň öz maglumatlaryna görä, bu ulgamdan işjeň peýdalanýanlaryň sany tutuş dünýäde 1 milliarda golaýlaýar.

“comScore” kompaniýasynyň maglumatyna görä, ABŞ-da “TikTok” jemgyýetçilik tory internet ulgamynda iň köp girilýän web sahypalaryň sanawynda 33-nji orunda durýar. “Cloudflare” kompaniýasynyň maglumaty esasynda, “TikTok” jemgyýetçilik tory ABŞ-nyň daşyndaky ýurtlarda meşhurlyga eýedir.

2021-nji ýylyň iň meşhur web sahyplary:

1. TikTok
2. Google
3. Facebook
4. Microsoft
5. Apple
6. Amazon
7. Netflix
8. YouTube
9. Twitter
10. WhatsApp

 

Bill Geýts “omikron” çaklamasy

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar