BIZNES

Gökdepe etrabynyň çäginde arassalanan agyz suwuny öndürýän kärhana açyldy

Gökdepe etrabynyň S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde «Gül zaman» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan arassalanan agyz suwuny öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy.

Bellenilişi ýaly, bu kärhananyň binasyny «Gül zaman» hojalyk jemgyýetiniň buýurmasy esasynda «NurMimar» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler. Soňra dabara gatnaşyjylar täze suw arassalaýjy kärhananyň gurluş we işleýiş aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Gökdepe etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky geňeşliginiň çäginde bina edilen arassalanan agyz suwuny öndürýän täze kärhana «Gül Zaman» hojalyk jemgyýetine degişlidir. Üç gektar meýdanyň çäginde ýokary talaplara laýyklykda gurlan, Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tilsimatlary ornaşdyrylan döwrebap kärhananyň ýyllyk kuwwaty 1,25 million dekalitr suwa barabardyr. Bu ýerde ekologiýa taýdan arassa agyz suwy göwrümi 0,33; 0,5; 0,75; 1,5 litr bolan ýörite gaplara gaplanyp, «Zamana», «Mermer», «Durna» haryt nyşany bilen ilata ýetiriler.

Täze kärhananyň ulanmaga berilmegi bilen, oba ilaty üçin iş orunlarynyň 50-ä golaýy döredi. Olaryň öndürjilikli zähmet çekmekleri we dynç almaklary üçin ähli şertler döredilipdir.

Related posts

Ýurdumyzda pagta ýygymyna girişiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda kaolin önümçiligi ýola goýulýar

Türkmenistan Owganystan bilen oba hojalygynda hyzmatdaşlyk eder