JEMGYÝET

Gök köçe yssydan gorar

Kataryň jemagat hojalygy boýunça döwlet edarasy Dohanyň köçelerini gök reňke boýamak boýunça karara geldi. Ýapon kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýan bu tejribe köçeleriň gyzgynlygyny peselder diýip çaklanylýar.

«Gara reňkdäki köçeler howanyň özünden hem 20 dereje güýçli gyzýar. Çünki gara reňk gyzgyn howany özüne siňdirip, soňra-da ony yza serpikdirýär. Şonuň üçin hem köçelerdäki gyzgynlygy azyndan 20 dereje peseltmek üçin olary gök reňke boýamak gerek» diýip, Saad al-Dusariý atly bir inŽener bu barada «Ar-Raýýa» neşirine maglumat berdi.

Bu tejribe şäheriň Abdulla bin Jasim adyndaky köçesinde amala aşyrylyp başlandy. Dohanyň iň meşhur binalarynyň biri bolan Suk al-Wakif binasy hem şu köçäniň ugrunda ýerleşýär. Daragtyň hem örän bolan köçesinde tomusda howanyň gyzgynlygy 50 gradusa çenli ýetýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan «Taýwanyň garaşsyzlygy» bilen bagly islendik görnüşlere garşy çykyş edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Bakudaky WUF13 forumynda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada Edward bilen duşuşdy

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar