SPORT

Germaniýa ilkinji bolup, 1/8 finala çykdy

Ýer eýeleri Germaniýa Ýewropa çempionatynda ilkinji bolup, indiki tapgyra çykdy. Germaniýanyň ýygyndysy toparçadaky duşuşyklaryň 2-nji tapgyrynda Wengriýany 2:0 hasabynda utup, 1/8 finala çykmagy başardy.

“A” toparçasynda çykyş edýän Germaniýa 6 utuk jemledi. Ýulian Nagelsmanyň şagirtleri bu görkezen netijesi bilen 1/8 finala çykmagy başardy.

Şeýlelikde, Germaniýanyň ýygyndysy bassyr 5-nji gezek Ýewropa çempionatlarynda toparçadan çykmagy başardy.

2008-nji ýylda Germaniýa ikinji boldy, 2012-nji we 2016-njy ýyllarda ýarym finala baran Germaniýa 2020-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynda 1/8 finalynda utulypdy.

 

Related posts

47 ýyldan soňra finala çykdy

Çempionlar ligasy: zenan eminiň eminlik eden ilkinji duşuşygy, Ronaldonyň 750-nji goly

Ata Watan Eserleri

Ronaldo ýene-de 4-5 ýyl futbol oýnamakçy

Ata Watan Eserleri