JEMGYÝET

“Gazpromyň” ýolbaşçysynyň Türkmenistana sapary

Russiýanyň “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Miller Türkmenistanda iş saparynda boldy.

Russiýanyň iri kompaniýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.

Şeýle hem Alekseý Miller Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikler geçirdi.

Geçirilen gepleşiklerde gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary we bu ugurdaky amala aşyrylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2003-nji ýyldan bäri Russiýanyň “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilhanasy Türkmenistanda öz işini alyp barýar.

Related posts

Türkmenistan Portugaliýa ilçi belledi

Türkmenistan – Avrasya ulaştırma koridorlarının stratejik kavşağı

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşar

Leave a Comment