DÜNÝÄ

Gazagystanda täze 3 oblast döredildi

Şu gün Gazagystanyň Prezidentiniň “Gazagystan Respublikasynyň administratiw-territorial gurluşy boýunça käbir meseleler hakynda” karary güýje girdi. Bu resminama laýyklykda, ýurtda täze 3 sany oblast döredildi.

Gazagystanda resmi taýdan administratiw merkezi Semeýa şäherli Abaý oblasty, merkezi Žezkazgan şäheri bolan Ulutaý oblasty hem-de merkezi şäheri Taldykorgan bolan Žetisu oblasty döredildi.

Şeýlelikde, Gazagystan Respublikasynda oblastlaryň sany 17-ä ýetdi.

 

Türkmenistan Aziýanyň Kubogynda çärýek finalda

Related posts

Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Türkiýede mekdepler 20-nji fewralda açylar

“Formula 1” ýaryşy yza süýşürildi