JEMGYÝET

Gawundan çipsi we süýt taýýarlanylar

Türkmen hususyýetçileri gawundan çipsi, çigidinden bolsa gawun süýdüni öndürmegiň tehnologiýasyny özleşdirýärler. «Ter önüm» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri ýakyn geljekde bu önümçiligi ýola goýarlar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar berşi ýaly, üç ýyllyk gözlegleriň netijesinde Türkiýeden ýörite enjamlar toplumy satyn alnyp, önümçilik üçin taýýar edildi.

Çipsi önümçiliginde gawunyň çigidi galyndy hökmünde bir gyra aýrylýar, ýagny peýdalanylmaýar. Hojalyk jemgyýetinde çigitden gawun süýdüni almak hem meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, gök önümleri we miweleri halkdan ýygnap, olaryň iň elýeter bahalarda ýene ilata hödürleýän hojalyk jemgyýetinde olary gaýtadan işlemäge hem girişiler. Gawundan taýýarlanan çipsi we gawun süýdi ynsan saglygy üçin ýokumly düzümlere baý bolar.    

Related posts

Bişkekde GDA-nyň sammiti geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Kentaki howa menziline Muhammet Alynyň ady dakylar

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady