SPORT

Garet Beýl soňky toparyna geçýär

Bir döwürler iň güýçli futbolçylaryň hatarynda görkezilen we iň ýokary baha bilen “Real Madrid” toparyna geçen Garet Beýl futbol durmuşyny tamamlap barýar. Uelsli futbolçy karýerasyndaky soňky toparyna geçmek isleýär.

100 million ýewro töläp, düzümine goşan “Real Madrid” topary Garet Beýlden halas bolýar. Uelsli futbolçy Ispaniýa gelenden bäri garaşylýan derejä ýetip bilmedi. “Real Madrid” topary ony başga topara satmagy göz öňünde tutdy, emma ol başa barmady.

Beýl “Real Madrid” toparyny bilen şertnamasyny şu ýylyň tomsunda tamamlap, “Tottenhem” toparyna gaýdyp barar. Bu topar bilen şertnama baglaşyp, şol şertnamanyň möhleti tamamlanandan soňra ol futbol karýerasyny tamamlar.

Garet Beýl “Real Madrid” toparynyň köýnekçesinde çykyş eden döwründe birnäçe kuboklary gazandy. Ol 2 gezek Ispaniýanyň çempiony bolup, 4 Çempionlar ligasynyň, 1 gezek Şa kubogyny, 3 gezek Ispaniýanyň Super kubogynda, 3 gezek UEFA Super kubogyny gazandy we 4 gezek klublar derejesinde dünýä çempionatynda ýeňiji boldy.

“Real Madrid” toparynda geçiren 9 ýylynda şu wagta çenli 255 duşuşykda oýnap, 106 pökgi geçirdi.

 

Zendaýanyň mum heýkeli ýasaldy

Ýene-de okaň

Dominik Soboslaý “Liwerpul” topary bilen şertnamasyny uzaltdy

Dünýä çempionatynyň finaly: Argentina-Ispaniýa

«Barselona» taryhynda ilkinji gezek gazak futbolçy bilen şertnama baglaşdy

Dünýä çempionatynyň resmi topy Türkmenistana sowgat edildi

Messi finalda: dünýä çempionatyndaky rekordlary

Messili Argentina dünýä çempionatynda finala çykdy