JEMGYÝET

Garaş maňa!

Garaş maña!
Gelerin men dolanyp,
Garaş maña, elleriñe gül alyp.
Asyl-ha sen garaşmakdan ýadama,
Söýgi bir gez berilýändir adama.
Wagtyñ gar-ýagmyry geçsin sowulyp,
Epgekler, ýalynlar bilmez gowuryp.
Söýgiñi täç edip göter belende
Begeneýin alyslardan göremde.
Şonda ak guş deýin gelerin uçup,
Çekinmän illere syrymy açyp.
Altyn reñk söýgimi daşyña dolap,
Dolan Aý deñinden märekä garap,
Bagt hakda joşup aýdym aýdaryn,
Eliñ tutup zemin sary gaýdaryn.
Garaş maña!

Jahantäç Öwezowa

 

Related posts

Pan Gi Mun: 12-nji dekabr türkmen halky üçin möhüm seneleriň biri

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda migrasiýa boýunça halkara foruma gatnaşýar

Giňdir dünýä, geňdir dünýä

Ata Watan Eserleri