JEMGYÝET

Fransuz çöregi bilen Ginnesiň rekordy

Soňky 5 ýyldan bäri Fransiýanyň meşhur baget çöregi boýunça Ginnesiň rekordyna eýelik edip gelýän ýurt, Fransiýa däl-de, Italiýadyr. Ýöne bu gezek fransuzlar öz çöregine eýe çykyp, dünýäniň iň uzyn baget çöregini taýýarladylar.

Fransiýanyň Pariž şäherinde 12 sany çörek bişiriji uzynlygy 140.53 metre, galyňlygy 5 santimetre deň bolan çöregi taýýarladylar we rekorduň eýesi boldular.

Mundan ozal, italiýalylar baget çöregini 122 metr uzynlykda taýaýrlapdy we 2015-nji ýylda Milan şäherinde geçirilen “EKSPO” sergisinde görkezilipdi.

Fransiýanyň çörek bişirijileri Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen baget çöregini bişirmek üçin azyndan 8 sagadyny sarp etdiler. Olar çöregi bişirmek üçin un, suw, duz we hamyrmaýa ulandylar.

Täze rekord Ginnesiň rekordlar kitabynyň eminler komiteti tarapyndan resmi taýdan hasaba alyndy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç hatyny iberdi

Türkmen-Polýak hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

vepa

Pekinde Türkmen Sanatçılar Konser verdi

vepa