BIZNES

“Fitсh” agentligi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna reýting berdi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistan dünýäniň esasy reýting agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri alyp barýar.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalardan halkara reýtingi almak boýunça işleri geçirildi.

Şunuň bilen baglylykda, “Fitсh Ratings” agentligi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna degişli reýtingi berdi. Bu barada halkara agentligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy “Fitсh Ratings” agentligi tarapyndan ätiýaçlandyryjynyň maliýe durnuklylygy reýtingine hem-de “B” derejesinde uzakmöhletleýin emitent reýtingine eýe boldy. Reýting boýunça çaklamalar – “Durnukly”.

 

Related posts

11 müň tonnadan gowrak ECO-93 görnüşli awtoulag benzini eksporta ýerlenildi

Afganistan Cumhurbaşkanı Türkmen heyetini kabul etti

vepa

Ýaponiýa “EKSPO-2025” sergisiniň tumaryny tanyşdyrdy

Ata Watan Eserleri