DÜNÝÄ

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Täjigistanda we Russiýada saparda bolar

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian ýanwar aýynyň ortalarynda Täjigistana, soňra bolsa Russiýa gitmegi meýilleşdirýär. Bu barada Daşary işler ministriniň uly geňeşçisi Mehdi Sanai “IRNA” habarlar gullugyna habar berdi.

Onuň bellemegine görä, rus Lideri Wladimir Putin we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçiriljek duşuşyklarda birnäçe resminama gol çekiler. Ylalaşyklaryň hemmesi Eýranyň bu ýurtlar bilen gatnaşyklaryny giňelder.

Respublikanyň Daşary işler ministrliginiň uly geňeşçisi: “Ol Wladimir Putinden we Emomali Rahmondan çakylyk aldy we ýanwar aýynyň ortalarynda Täjigistana we Russiýa baryp görer” -diýdi.

Saparynyň öňüsyrasynda Tährandan bir işewür topar wekilçilik eder, oňa Söwda, senagat, magdan we oba hojalygy palatasynyň başlygy ýolbaşçylyk eder.

Related posts

Türkmenistanyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Russiýadaky saýlawlarda “Ýedinaýa Rossiýa” ýeňiş gazandy

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň 6-njy Konsultatiw duşuşygy Astanada geçiriler