SIZDEN GELENLER

Elektrikli awtoulag önümçiliginde hyzmatdaş boldy

“Sony” kompaniýasy elektrikli awtoulag taslamasy üçin “Honda” şereketi bilen hyzmatdaşlyk edýändiklerini habar berdi. Ilkinji bilelikdäki awtoulagyň 2025-nji ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda elektrikli awtoulaglar meşhur bolansoň, köp marka bu pudaga çynlakaý maýa goýýar. Mundan başga-da, öndürijiler uglerod zyňyndylaryny nola çenli azaldyp, has arassa geljegi gurmak isleýärler.

Ýaponiýada ýerleşýän tehnologiýa ägirdi “Sony” birnäçe aý ozal ähli elektrikli “Vision-S 02” modelini hödürledi. Şereket indi “Honda” bilen hyzmatdaşlykda täze elektrik ulagy önümçilik şereketini döreder.

Bu hyzmatdaşlykdan dörän ilkinji elektrik ulagy 2025-nji ýylda peýda bolar.

Eziznepes Annaýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

Halkara çagalar telewideniýesi we radio güni

Related posts

“Wahat Al Karama” ýadygärligi

Soichiro Honda nädip başardy?

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat