JEMGYÝET

Döwlet migrasiýa gullugynda ÝHHG wekili bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Drozd  bilen duşuşyk geçirildi. 

Duşuşygyň çäklerinde taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri hakynda pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy Türk­me­nis­tan bi­len äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mundan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de gi­ňelt­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär. Şeýle hem bu gu­ra­ma­ hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň alyp bar­ýan dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär hem-de ony hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ýar. Mu­nuň özi se­bit­de parahatçy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň mö­hüm şer­ti bol­mak bi­len, hä­zir­ki za­ma­nyň wa­jyp me­se­le­le­ri­niň de­ňe­çer çöz­gü­di­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da ýur­du­my­zyň iş­jeň or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar adam hukuklaryna degişli ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça köpýyllyk netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. 

Geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdürüljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

 

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi

Ak şäher Aşgabat ak gara bürendi

Ata Watan Eserleri