DÜNÝÄ

Dünýäniň iň uzyn aýnaly köprüsi

Hytaý Halk Respublikasy 2011-nji ýyldan bäri iň uzyn köpri gurmakda rekordçy hasaplanylýar. Ýyllaryň geçmegi bilen olaryň köprüleri has hem döwrebaplaşýar. Bu gezek bolsa Hytaý Halk Respublikasy aýnadan iň uzyn köpri gurmak bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu taslama Hytaý Halk Respublikasynyň gözel ýerleriniň biri bolan “Üç jülge bendinde” Çeszýan uniwersitetiniň binagärlik dizaýny we gözlegleri tarapyndan durmuşa geçirildi.

Ägirt uly aýnaly köprüniň uzynlygy 526 metr we derýadan 204 metr beýiklikde ýerleşip, özüniň janly, owadan görüş meýdançasyny hödürleýär. Synlaýyş meýdançasy arkaly bu ýer böküş çäresini geçirmek üçin hem örän amatly ýer hasaplanylýar. Elbetde köpri has kaşaň görünýän hem bolsa-da, köprüniň üstünde bir wagtda 500 adam ýerleşdirip bolýar. Mundan başga ýerli “GAC” atly awtoulag öndürijisi öz ulaglaryny köprüniň üstünden geçirip, onuň has-da berk hem-de çydamlydygyny subut etdi.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze başlygy saýlandy

Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy welosipedli ýörişi gurnady

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Milli tokaý maksatnamasy tassyklandy

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar