TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Italiýanyň binagärlik firmasy dünýäniň iň gymmat ýahtanyň taslamasy bilen tanyşdyrdy. Uly pyşbaganyň görnüşinde dizaýn edilen we söwda merkezlerinden restoranlara, plazalardan jaýlara çenli köp binany öz içine alýan ýahtanyň bahasy 8 milliard dollara barabar bolar.

Super, mega we gigaýatdan has uly gämilere teraýat diýilýär. “Lazzarini” atly kompaniýa häzirki wagtda aşa lýuks we gymmat bahaly täze terayat taslamasynyň üstünde işleýändigini habar berdi.

Kompaniýa tarapyndan berlen beýanatda şu wagta çenli gurlan iň uly ýüzýän gurluş boljak gäminiň uzynlygy 550 metr we ini 610 metr boljakdygy mälim edildi.

“Ýüzýän şäher” bolan ägirt uly ýahtada myhmanhanalar, söwda merkezleri, seýilgähler we hatda kiçi gämiler we uçarlar üçin portlar bolar.

Beýleki tarapdan, pyşbaga görnüşinde guruljäk bu ägirt uly ýahtanyň Saud Arabystanynda guruljakdygy we Jidde şäheriniň demirgazygyndaky Patyşa Abdylla portundan gurluşyk işleri üçin ýeriň saýlanandygy mälim edildi.

Bu taslamanyň 2033-nji ýylda gurlup tamamlanjakdygy mälim edilýär.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi