MEDENIÝET

Iň owadan düýe saýlandy

Häzirki wagtda Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň çäginde “Qatar Camel Mzayen” gözellik bäsleşigi geçirilip, onuň çäklerinde dünýäniň “iň owadan” düýesi saýlandy. Bu çäre Kataryň myhmanlaryny ýerli medeniýet we däp-dessurlar bilen tanyşdyrmagy maksat edindi.

Ýurduň paýtagty Dohadan 25 kilometr uzaklykda ýerleşýän Şahaniýe sebitinde geçen bäsleşige 700 düýe gatnaşdyrylyp, olaryň belli bir bölegi Pars aýlagynyň dürli ýurtlaryndan getirilipdir. Gözellik bäsleşigine gatnaşýan düýeleri synlamaga futbol boýunça dünýä çempionatynyň janköýerleri hem geldi.

Düýeleriň eýelerine berilýän baýrak futbol topunyň şekilinde ýasalypdyr. Guramanyň tumarynda  “Humer” atly düýe şekillendirilip, onuň aýagynda futbol topy, üstüne bolsa, gadymdan gelýän katar lybasy atylan. “Huwer” sözüni arap dilinden terjime edeniňde “köşek” diýen manyny berýär.

Gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi bolan düýäniň eýesina 200 müň Katar rialy, takmynan 45 müň futn-sterling pul baýragy berildi.

 

Ýene-de okaň

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans topary Türkiýedäki festiwala gatnaşdy

Dünýäniň iň garry gorillasy 69 ýaşady

Konkur boýunça gyzgalaňly ýaryş geçirildi