DÜNÝÄ

Dünýäniň iň gymmat şäherleri

“The Economist Intelligence Unit (EIU)” ylmy-seljerme edarasy tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesine görä, dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawy belli edildi. Bu sanawa goşulan 133 şäheriň görkezijileri seljerildi.

Şonuň netijesinde iň gymmat 10 şäher mälim edildi. Bu şäherleriň azyk, iýmit, egin-eşik, jaýlaryň kireýleri we beýleki görkezijileri göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde sanawda Aziýanyň we Ýewropanyň şäherleri öňdäki orunlary eýeledi.  Singapur, Gonkong we Osaka iň gymmat 3 şäher boldy.

Şu ýerde ýene-de bir zada üns bermek gerek. Bu sanaw 2019-njy ýylyň noýabr aýyndaky görkezijiler esasynda taýýarlandy. Şondan soňra dünýädäki ýiti respirator keseli zerarly ýagdaýlar üýtgän hem bolup biler. Bu netijeler indiki sanawda öz ornuny alar.

Iň gymmat 10 şäher

  1. Singapur
  2. Gonkong/Hytaý
  3. Osaka/Ýaponiýa
  4. Nýu-Ýork/ABŞ
  5. Sýurih/Şweýsariýa
  6. Pariž/Fransiýa
  7. Telawiw/Ysraýyl
  8. Tokio/Ýaponiýa
  9. Los-Anjeles/ABŞ
  10. Ženewa/Şweýsariýa

Related posts

100 ýyl däp bozuldy, 15-nji gezekde saýlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan elektrik energetika hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň DIM-inde BAE-niň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi