DÜNÝÄ

Dünýäni gyzyklandyrýan saýlaw:  wagtyndan öň ses bermekde rekord

Tutuş dünýäniň gyzyklandyran prezident saýlawy ýetip geldi. Ertir, ýagny 3-nji noýabrda ABŞ-da syýasy-jemgyýetçilik waka – prezident saýlawlary geçiriler. Ýurduň häzirki Prezidenti Donald Tramp bilen Demokratlar partiýasynyň dalaşgäri, ozalky ABŞ-nyň Prezidentiniň orunbasary Jo Baýden ABŞ-nyň esasy döwlet wezipesine bellenmek ugrunda bäsleşerler.

Soňky maglumatlara görä, ertirki saýlawlara wagtyndna öň ses berenleriň sany 98 milliona barabar boldy. Saýlaw güni nobatda durmak isleýän saýlawçylar hat arkaly ýa-da saýlaw uçastoklarya baryp, wagtyndna öň ses berlişige gatnaşdylar. Bu görkeziji rekord hasaplanýar.

Saýlawçylaryň 35 milliony gönüden-göni saýlaw uçastoklaryna gidip ses beren bolsalar, 62 milliony bolsa elektron poçta arkaly sesini berdiler.

4 ýyl mundan ozalky saýlawlarda 47 million saýlawçy wagtyndan öň ses berlişige gatnaşypdy.

2016-njy ýylda berlen sesleriň jemi 138 milliona deň bolupdy.

Häzirki saýlawlardan öň geçirilen pikir soraşmalarda, Jo Baýdeniň ýeňiş gazanjakdygy mälim edildi.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

Nadir Alparslan: Türkiýe we Türkmenistan Ýüpek ýoluny dikeldýärler

Türkmenistan Ösüş boýunça ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Wengriýada Orban döwri tamamlandy: täze Premýer-ministr Peter Madýar boldy

Antalýada Türki döwletleriniň guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi