SIZDEN GELENLER

Dograma

Türkmen milli nahary bolan dogramanyň gelip çykyşy barada şeýle rowaýat bar.

Bir barly adam sahylygyny bildirmek üçin janly baryny soýup, uly sadaka beripdir. Bişirlen çekdirmäň eti suwundan has agdyklyk edipdir. Märeke sowulan soň, bir oglanjyk batyl bilen bir ýaşulyny idip barýan eken. Olary hem derrew çagyryp, nahar guýup berýärler. Tabakdaky etiň bollugyna geň galan batyl: “Biz ýaly köre munça et ýeten bolsa, gözli adamlar näçeräk iýdikä?” diýipdir. Sadaka beren adam “ Wah, bolmadow” diýipdir. Aşpezleri ýanyna çagyryp:

  • Hiç kim güman etmän, göwnüne zat getirmez ýaly, paýlananda deň-derman ýetjek nahar oýlap tapyň – diýipdir.

Aşpezler şonda gaýnan eti, sogandyr çöregiň üstüne dograp garyp, “deň-derman ýetjek nahary” oýlap tapypdyrlar. Çöregem, soganam, etem dogralan soň, naharyň adyna “Dograma” diýip at dakypdyrlar.

 

Taýýarlan: Halkara ynsanperwer ylymlary

we ösüş uniwersitetiniň talyby Rejepowa Ajap

Türk dili sahypamyz

Saýtymyza ýerleşdirýän habarlaryň käbiri, şeýle hem Türkiýedäki Türkmenistanlylary gyzyklandyrýan habarlary saýtymyzyň Türk dili sahypasyna ýerleşdirýäris. Eger Siz habarlarymyzy Türk dilinde okamak isleýän bolsaňyz, onda, ekranyň sag üst tarapyndan Türkiýäniň baýdagyny saýlaň!

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý bilim hyzmatdaşlygy – dostluk we ösüş köprüsi

Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda sanly bilimiň we sanly ykdysadyýetiň orny

Bagşa tagzymly ömür

Ekologiýanyň goragy-ýaşaýşyň abadançylygy

Ata Watan Eserleri

Ýaş hünärmeniň ylham we tejribe mekdebi

Ata Watan Eserleri

Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy