JEMGYÝET

Burak Özçiwit ahalteke bedewlerine haýran galdy

Türkmenistanyň ilkinji “akylly” şäheri bolan Arkadag şäherinde geçirilýän “Arkadagyň säheri” kinofestiwalyna gatnaşmak üçin ýurdumyzda gelen Burak Özçiwit hem-de beýleki daşary ýurtly sungat ussatlary Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp gördüler.

Bu ýerde türk hem-de daşary ýurtly myhmanlary Arkadag şäheriniň häkimi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Myhmanlar üçin «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary görkezildi. Burak Özçiwit hem-de beýleki daşary ýurtly myhmanlar türkmen jigitlareriniň bu görkezme çykyşlaryna uly haýranlyk bilen tomaşa etdiler.

Tomaşanyň ahyrynda türk myhmanlary «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny Türkiýä çagyrdylar.

Soňra Burak Özçiwit hem-de fransuz aktýor Eduar Montuta türkmen tarapyndan don-telpek sowagt edildi.

Burak Özçiwit ahalteke bedewine atlanyp, döwlet sirkiniň manežinde öwrüm etdi we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary bilen ýadygärlik surata düşdi.

Şeýle hem myhmanlara türkmen halkynyň Milli Lideriniň ahalteke bedewlerine bagyşlanan kitaby sowgat berildi.

Ady rowaýata öwrülen «asman atlary» ýurdumyzda geçirilýän ähli umumymilli dabaralaryň baş bezegine öwrülýär. Ajaýyp bedewleriň gözelligi we çeýeligi, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. Ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar bu sungatyň ähli çylşyrymly usullaryna ussatlyk bilen erk edýändiklerini görkezdiler.

Ýene-de okaň

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa Karl III bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar