BIZNES

Bitaraplyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly täze möhletli goýum

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň raýatlaryna erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ýerleşdirmek üçin «Bitaraplyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly täze möhletli goýumy hödürleýär.

Bu möhletli goýum ýyllyk 11 göterim bilen 1 (bir) ýyl möhlete açylýar, goýumyň iň az möçberi 1000 (bir müň) manat bolup, aňryçäk möçberi çäklendirilmedikdir. Goýuma pul serişdeleri nagt we aýlyk zähmet haky geçirilýän «Altyn asyr» bank kartynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde kabul edilip bilner.

Täze goýumyň 2022-nji ýylyň 1-nji dekabryndan 31-nji dekabryna çenli açylýandygyna ünsüňizi çekýäris.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: +99312 44-02-80, 44-03-04.

Şahamçalaryň salgylary we telefon belgileri bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasynda ýerleşdirilendir.

Related posts

Birža täzelikleri: türk işewürleri uçar kerosinini satyn aldy

Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze ugry

BP: Global energiýa bazary ösýär

vepa

Leave a Comment