SPORT

BBC «Hemilton» diýdi

Ýylyň ahyrynda dünýäniň öňdebaryjy habar agentlikleriniň işi has hem köpelýär. Olary başagaý edýän işleriň biri hem ýylyň öňe çykanlarynyň arasyndan iň gowularyny saýlamakdyr.

Ynha, BBC hem beýleki bäsdeşlerinden kem galman, 2020-nji ýylyň iň gowy türgenlerini yglan etdi. Agentlige görä, ýylyň türgeni «Formula 1»-iň «Mersedes» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemiltondyr.

BBC-niň sanawynyň ikinji ornunda «Liwerpulyň» futbolçysy Jordan Henderson bar. Üçünji orny bolsa Holli Doýl eýeleýär.

Ýakynda Lýuis Hemilton «Formula 1»-iň öz tarapyndan hem «2020-nji ýylyň iň gowy sürüjisi» diýlip yglan edilipdi.

Geçen möwsümde britaniýaly 35 ýaşly sürüji germaniýaly Mihael Şumaheriň rekordyny gaýtalap, ýedinji gezek «Formula 1»-iň çempiony bolmagy başardy. Şeýle hem ol möwsümdäki tapgyrlaryň dowamynda ozal Şumahere degişli bolan ýeňiş rekordyny täzeledi. Has takygy, Hemilton indi 92 ýeňiş bilen ýeňijileriň münberiniň iň ýokarky basgançagynda.

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Messiniň taryhy rekordy

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy