JEMGYÝET

BAE-niň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň we dostlukly Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Siziň ýurduňyza ösüş, rowaçlyk, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny arzuw edýärin. Biz dostlukly halklarymyzyň we döwletlerimiziň abadançylygynyň bähbidine gatnaşyklarymyzy ikitaraplaýyn esasda ösdürmäge çalyşýarys.

Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mohammed bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady