BIZNES

BAE bilen Ukraina hemmetaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler

Ukraina bilen BAE hemmetaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi. Bu barada Emirligiň “WAM” agentligi habar berdi.

Bu şertnama BAE-niň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi bilen Ukrainanyň maliýe ministri Ýuliýa Swiridenko gol çekdiler. Gol çekmek dabarasyna Ukrainanyň we BAE-niň Prezidentleri Wladimir Zelenski we Muhammet bin Zaýed Al-Nahaýýan gatnaşdy.

Resminama iki ýurduň arasynda söwda, maýa goýum we ykdysady hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açmagy maksat edinýär. BAE-den import edilýän harytlaryň 99 göterimi we Ukrainadna eksport edilýän önümleriň 97 göterimi gümrük paçlaryndan boşadylýar.

Related posts

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Birža täzelikleri: türk işewürleri EKO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar

“Dolce Gabbana” markasy barada maglumat