DÜNÝÄ

Azerbaýjanda nobatdan daşary prezident saýlawlary geçiriler

2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda Azerbaýjanda nobatdan daşary prezident saýlawlary geçiriler. Bu barada degişli buýruga Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gol çekdi.

Azerbaýjanyň metbugatyna görä, Merkez saýlaw toparyna 2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda nobatdan daşary prezident saýlawlaryny Azerbaýjan Respublikasynyň Saýlaw kodeksinde kesgitlenen tertipde geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Saýlawlar 7-nji fewralda, ýagny çarşenbe güni geçiriler. Saýlaw kodeksine laýyklykda, ses berişligiň geçirilýän güni iş güni däl hökmünde göz öňünde tutulandyr.

 

Related posts

Türkmen wekiliýeti Wenada gulluk iş saparynda bolýar

Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi

Filipinler, Türkmenistan’a büyükelçi atadı

vepa