DÜNÝÄ

Azerbaýjanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabaralar

Türkmenistanyň Azerbaijan Respublikasyndaky Ilçihanasy Azerbaijanyň Milli Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllygyna bagyşlanan “Magtymgyly Pyragy – dünýä edebiýatynyň görnükli şahyry” atly ylmy-amaly maslahat geçirdi.

Bu maslahata ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Magtymgulynyň döredijiliginiň muşdaklary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler parahatçylygy we agzybirligi wasp eden, milli gymmatlyklarymyzy wagyz eden Magtymguly Pyraga bagyşlanan bu çäräniň ähmiýetine ýokary baha berdiler we Türkmenistan bilen Azerbaijanyň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we pugtalandyrmak baradaky isleglerini beýan etdiler.

Şeýle hem Baku şäherinde Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit we senagat uniwersitetiniň talyp ýaşlary hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldar we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Magtymguly Pyragynyň edebiýat agşamy geçirildi.

Edebiýat agşamyna ylmy we döredijilik intelligensiýanyň wekilleri, professor-mugallymlar, talyp ýaşlary, hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň muşdaklary gatnaşdylar.

Bu çärede Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň şahyrana giň dünýägaraýyşly pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary we goşgylary barada özlerinde döreýän gyzyklanmalary, şygryýet bilen sazlaşyklylygy hakynda sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar.

Edebiýat agşamynda çykyş edenler parahatçylygy we agzybirligi wasp eden, milli  gymmatlyklary wagyz eden Magtymguly Pyraga bagyşlanan bu çäräniň ähmiýetine ýokary baha berdiler we Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we güýçlendirmek baradaky umumy isleglerini beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi

Hytaýyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna 200 kitaby sowgat berdi