SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Awstraliýa 2022-nji ýyla çenli daşary ýurtly syýahatçylary kabul etmez

Awstraliýa koronawirus pandemiýasy sebäpli 2022-nji ýyla çenli daşary ýurtly syýahatçylary kabul etmezlik kararyna geldi. Bu hakda 5-nji oktýabrda premýer-ministr Skott Morrison mälim etdi-diýip, “Associated Press” habar gullugy ýazýar.

Döwlet henizem daşary ýurtly syýahatçylary kabul etmäge taýyn däl. Hökümet başlygy ýurduň hökümetiniň ökde migrantlaryň we talyplaryň gelmegine ilkinji nobatda ünsi jemlemegi karar edendigini, ýöne entek daşary ýurtly syýahatçylary kabul etmäge taýyn däldigini aýtdy.

Morrison bu barada: “Meniň pikirimçe, biz indiki ýyl myhmanlary kabul ederis”. Şol bir wagtyň özünde, hökümet awstraliýalylaryň daşary ýurda gitmegine girizilen çäklendirmeleri gözden geçirmäge taýýardygyny aýtdy. Syýasatçy: “Daşky serhetleri açmak  diňe 16 we ondan ýokary ýaşdaky ilatyň 80 göterimini doly sanjym etmek arkaly mümkin bolar” diýdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Putini doglan güni bilen gutlady

 

Related posts

Spreý koronawirusdan gorap biler

BSGG Hytaý sanjymyny tassyklaýar

Ata Watan Eserleri

THY: Stambul-Türkmenbaşy-Stambul boýunça ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri